“Türkmen halysy – gözellik nusgasy”


“Türkmen halysy – gözellik nusgasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen halysy – gözellik nusgasy” ady bilen aýdym - sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde haly – türkmeniň baýlygy, zynaty! Milli buýsanjymyz bolan halylar barada söhbet açanyňda türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlaryny haýrana goýýan halylaryndan tapawutlanýandygy, olaryň dürli görnüşleri: düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, ýaly öý bezegi hökmünde giňden ulanylýandygy, şeýle-de gelin-gyzlar üçin niýetlenip dokalan ýantorba, gapjyk görnüşlerini göterýärler. Kimiň elinde görseň-de, örän nepislik bilen dokalan sungat haýrana goýýandygy hakynda türkmen halylary barada ajaýyp gürrüňler edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlap ýazan “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda hem türkmen halysynyň waspyny beýan edilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşlikde ajaýyp türkmen zenanlaryna goýýan hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň, hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.