“Bagtyýar çagalyk-abadan geljek”


“Bagtyýar çagalyk-abadan geljek”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar çagalyk-abadan geljek” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi we göçme kitap sergi gurnaldy.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşap, olaryň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, ýaş nesilleri kämil ösen şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda bimöçber işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle-de ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň gurlup ulanylmaga berilmegi çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda her bir güni bagtyýarlyga beslenen ata Watanymyzyň waspyny, körpe nesillerimiz öz ýürek joşgunlaryny aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.

Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden, türkmen halk ertekilerinden gurnalan “Bagtyýar çagalyk-abadan geljek” atly göçme kitap sergisi dabara gatnaşan çagalarda uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimizi ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.