“Gelejegimiz biziň bagtyýar ýaşlar” atly baýramçylyk dabarasy


“Gelejegimiz biziň bagtyýar ýaşlar” atly baýramçylyk dabarasy



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Gelejegimiz biziň bagtyýar ýaşlar” ady bilen paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähinde şowhunly baýramçylyk çäresini geçirdi.

Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň gurjaklar esasynda görkezen gysgajyk sahnalary şeýle-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sazlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra çagalar “Aşgabat” seýilgähine gezelenç etdiler. Geçirilen çäre, gurnalan sergi çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle-de dabara gatnaşan çagajyklara sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.