“Nesilleriň şatlygy - her öýüň abatlygy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäherindäki 34-nji çagalar bakja bagy bilen bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Nesilleriň şatlygy - her öýüň abatlygy” ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi.
Çärede ýurdumyzyň bagtyýarlygy, ertirki günüň aýdyňlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýandygy, çagalar döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygy, olaryň sagdyn ösüp ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde akylly-başly, sagdyn, ruhubelent, edep-ekramly, giň düşünjeli, gözýetimli, sowatly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi, çagalaryň geljegi ähli taraplaýyn goralýar we goldanylýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper beýan edilip, ertekileriň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ähilisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin taýsyz tagallalar edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.