Dehistandaky gadymy myhmanhana
Orta asyr Dehistan ýurdunyň merkezi Missirian şäheri Merkezi Aziýanyň, Eýranyň, arap ýurtlarynyň şäherleri bilen birlikde kerwen ýollarynda möhüm nokatlaryň biri hasaplanypdyr. Sebäbi bu kenarýaka sähralyk ýurt gury ýerden we suw üstünden geçen söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Orta asyrlarda doly kemala gelen şäherde kerwenler üçin öz döwrüne görä ähli amatlyklar döredilipdir. Köpsanly gurluşyklar ýerine ýetirilipdir. Şeýle binalaryň biri Dehistan şäheriniň gündogarynda ýerleşýär.
Bu gadymy kerwensaraýy ylmy taýdan öwrenmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 08-nji aprelinde çykaran 39-njy karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda arheologiýa gazuw-agtaryş işleri ýola goýuldy.
Daşky görnüşi gönüburçly bolan bu binanyň üsti häzirki wagtda tutuşlygyna doly açylmasa-da, onuň arassalanan ýerleriň gurluşlary ylym üçin köp zatlary aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär. Kerwensaraýyň diwary örän berkden gurlupdyr. Ol iki gatdan, daşyndan galyňlygy 2,5 metre çenli ýetýän pagsadan, içinden bolsa 23-25 sm inlilikde bişen kerpiçler bilen berkidilipdir. Otaglar göwrümi hem-de gurluş taýdan biri-birine çalym edenoklar. Ýaşamak üçin niýetlenen otaglaryň hersinde 2-3 adam ýerleşen bolmaly.
Kerwensaraýyň bişen hem-de kesme kerpiçler arkaly ýerine ýetirilen dürli nagyşlara örän baý bolandygy belli edildi. Myhmanhananyň otaglarynyň hemmesiniň girelgeleri ortadaky gönüburçly howla tarap bakdyrylypdyr. Kerwensaraýyň günorta diwarynyň merkezinde saklanyp galan 4-metr inlilikdäki esasy girelgäniň galyndylary bişen kerpiçleriň üsti bilen kemsiz haşamlanypdyr. Myhmanlaryň naharlanmak, hammamlyk ýaly hajatlaryna hyzmat eden özboluşly gurluşy hem-de göwrümi bolan otaglar hem ýüze çykaryldy. Dini däp-dessurlary berjaý etmek maksady bilen, ýörite mähraply otag gurlupdyr. Gadymy myhmanhanada “Beýik Ýüpek ýolundaky” kerwensaraýlaryň gurluşygy bilen umuman çalymdaşlyk bolsa-da onda Dehistanyň binagärliginň täsirleri duýulýar. Kerwensaraýyň saklanyp galan diwarlarynyň, suwaglarynyň bölekleriniň, girelgesiniň gurluş aýratynlyklarynyň hem-de tapyndylaryň üsti bilen onuň XI-XIII asyrlarda öz wezipesini ýerine ýetirendiginden çaklamak bolýar.
Ýadygärligiň saklanyp taryhy keşbi bu ýere syýahata, zyýarata gelýänlerede ýatdan çykmajak täsirleri oýarýarlar.
Dehistanyň gadymy kerwensaraýlarynda öň mälim bolmadyk täzelikleri ýüze çykarmak üçin bu ýerde arheologiýa işleri dowam etdirilýär.