“Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy” ady bilen aýdym-sazly, medeni çäre geçirildi.
Çärede Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip dür dänesi kimin, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda uly täsir edýändigini barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan çeper okaýyşlary, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiligine bagyşlap “Magtymguly sözüň bilene sözdür” at bilen gurnalan göçme kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, edebi döredijiligimizi giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Mlilli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.