“Magtymguly Pyragy - türkmeniň köňül nagşy, medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy”


“Magtymguly Pyragy - türkmeniň köňül nagşy, medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragy- türkmeniň köňül nagşy, medeniýetiň toýunda saýra şahyr, joş bagşy” ady bilen döredijilik duşuşyk geçirildi.

Çärede milli medeniýetimiziň halk howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra, ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ösdürmekde dünýä çykarmakda amala aşyrylýan beýik işleri barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Ata Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara sungat festiwallarynyň, forumlaryň, sergileriň dünýä halklarynyň türkmen döwletiniň ýeten derejesi, dostlukly gatnaşyklara gadyr goýýan halkymyzyň däp-dessurlary bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilik döredip, şeýle çäreleriň dünýa halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrylýandygyny giňişleýin nygtadylar.

Çäräniň dowamynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenmeginiň aňyrsynda uly sazlaşygyň, manysynyň bardygyny, şahyryň nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize ýeten ajaýyp döredijiligi bilen dünýäni aňk eden, türkmeni dünýä tanadan beýik danadygyny, dana şahyrly halkdygyna buýsanýandyklaryny belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn ösdürmekde we dünýä tanatmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.