“Türkmen halk ertekikeri, halk döredijiligiň öçmejek nury”


“Türkmen halk ertekikeri, halk döredijiligiň öçmejek nury”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Türkmen halk ertekileri, halk döredijiligiň öçmejek nury ” ady bilen sesli okaýyş geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenip, eziz Watanymyz Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökminde älem ýüzüne ýaň salýandygy, şeýle-de ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň watansöýji, zähmetsöýer, sagdyn bedenli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edilýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasyna öwrülen halk döredijiligimiziň aýratyn bir ugry bolan ertekiler, olaryň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen halk ertekilerinden birnäçelerini okap berildi. Şeýle-de okalan ertekilerden many mazmuny barada sorag-jogap alyşyldy we bagtly çagalygyň mekanyna öwrülen eziz diýarymyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler açyp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.