“Elimiň işi-edebimiň başy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Elimiň işi-edebimiň başy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp-ulalmagy, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri, olara ata-babalarymyzdan galan däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan galan el hünärlerini öwretmekde we wagyz etmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaşyl ýaýlalaryndan nusga alan nagyşlar asyrlaryň jümmüşinden aşyp, nesilden-nesile geçip, biziň günlerimize gelip ýetendigi, gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzyň kämilleşdiren keşdelerinde türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýän bütin wakalaryň keşpleri giňden şöhlenenýändigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda gelin-gyzlarymyzyň älem gözelliklerini özünde jemleýän ajaýyp el işleriniň, keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy, munuň özi zenan edebine ýugrulan milli lybaslarymyzyň gözelligini dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýedigini giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimize belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.