“Tebigat biziň öýümizdir” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Nebitçi” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Tebigat biziň öýümizdir” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmenimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen tebigatyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzdan ýerlikli peýdalanmak dogrusynda alnyp barylýan uly işler barada aýdyp berdi. Mundan başga-da kitaphanaçylar dynç alýan çagalara Türkmenistan döwletimizde dürli-dürli daglyk, deňizýaka, derýaýaka, çöllük, ýarymçöllük toprak-howa şertleriniň bardygy sebäpli mähriban ülkämiz özboluşly gözel tebigata eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu ýerlerde dynç alyp ýören dürli ýaşdaky çagalar hem öz gezeginde gözel Watanymyza, tebigatymyza, haýwanat dünýäsine degişli goşgulardyr, hekaýalary ýatdan labyzly aýdyp söhbetdeşligiň has-da täsirli geçmegine ýardam etdiler. Mundan başga-da türkmen topragynyň tebigatynyň gözel ýerleri barada sorag-jogap alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.