«Paýtagtym-ak bagtym»


«Paýtagtym-ak bagtym»



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 84-nji orta mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda maý aýynyň 21-ne bellenilen meýilnama laýyklykda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap «Paýtagtym-ak bagtym» ady bilen edebi-sazly çäresini geçirdi. Alyp baryjy çäräniň başynda gözel paýtagtymyzyň taryhy barada gürrüň berdi. Şeýle-de bu edebi-sazly çärede mekdep okuwçylary Aziýanyň merjeni bolan Ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän şygyrlardyr-aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Kitaphananyň «Baş şäherim Paýtagtym» ady bilen gurnan göçme kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.