“El – hünäri il gezer”


“El – hünäri il gezer”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Berkararlyk etrap häkimligi bilelikde gurnamagynda Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “El – hünäri il gezer” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň sungat derejesine ýeten milli el işleriniň naýbaşylarynyň beri-de keşdeçilik müňýyllyklardan gözbaş alýan nagyşlaryň, keşdeleriň nepisligi, owadanlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdir. Keşde çekmeklik eneden gyza, gelinden baldyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.