“Türkmeniň adyny äleme ýaýyp, Gülle medeniýetim, sungatym meniň”


“Türkmeniň adyny äleme ýaýyp, Gülle medeniýetim, sungatym meniň”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň medeniýet, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Türkmeniň adyny äleme ýaýyp, Gülle medeniýetim, sungatym meniň” ady bilen aýdym – sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz aladalary netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ägirt ösüşlere eýe bolýandygy, ýurdumyzda her ýylyň 22-27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýeti ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Milli medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy hökmünde ykrar edilen mähriban Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri baradaky aladalaryň geriminiň artýandygy, çünki medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýändigi, häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, doganlyk ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi, sergileriň gurnalmagy, maslahatlar we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, bu bolsa milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä tanalmagyna uly ýardam edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleri öz ýürek buýsançlaryny öz goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen Medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy hem müdimi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.