“Gurban baýramy halal ýaşaýşyň dabaralanmagy”


“Gurban baýramy halal ýaşaýşyň dabaralanmagy”



Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Bibigözel Mämmedowalaryň maşgalasynda Gurban baýramy mynasybetli “Gurban baýramy halal ýaşaýşyň dabaralanmagy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyz dünýä ýüzünde parahatçylygyň, dostlugyň, agzybirligiň, we ynsanperwerligiň gülläp ösen mekany hasaplanýandygy, şeýle-de ýurdumyzda uludan bellenilýän Gurban baýramyny ata-babalarymyzyň bize miras goýan däp-dessurlarynyň häzirki günlerimizde hem mynasyp bellenilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda päkligiň, ynsanperwerligiň baýramy hasapanylýan, Gurban baýramynyň many-mazmuny, onuň gelip çykyşy ýerine ýetirilýän däp-dessurlar, urup-adatlar barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlap, ähli Watandaşlarymyzyň Gurbanlyk sadakalarynyň kabul bolmagyny arzuw etdiler. Milli däp-dessurlarymyzy gaýtaryp beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.