“Geljegiň şäheri – ýaşlaryň şäheri” atly söhbetdeşlik


“Geljegiň şäheri – ýaşlaryň şäheri” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “akylly” Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öňüsyrasynda bu ajaýyp şäher hakynda “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň çap edilmegi mynasybetli “Geljegiň şäheri – ýaşlaryň şäheri” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitaplaryň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphana hünärmenlerimiz Arkadag şäherinde gurlan binalaryň gözelligi, gurluş aýratynlygy, ol binalardaky tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy barada buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.