“Arkadag şäheri – Watanyň buýsanjy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň gurnamagynda “Arkadag şäheri – Watanyň buýsanjy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen açylan Arkadag şäheri milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy we bu şäheriň gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy, dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýeleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Arkadag şäheri –geljegiň şäheri” atly kitabyň halk köpçüligine ýetirilmegi toý şatlygymyza şatlyk goşandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.