“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, milli medeniýetiň şöhratly ýoly”


“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, milli medeniýetiň şöhratly ýoly”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgüniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli medeniýetiň şöhratly ýoly” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi.

Çärede Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygyny, dana Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hasyl bolýandygyny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýan watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz medeniýet we sungat işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň kitaplary, ata-Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi we tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.