Çagalaryň söýgüli ýazyjysy Agageldi Allanazarow bilen duşuşyk


Çagalaryň söýgüli ýazyjysy Agageldi Allanazarow bilen duşuşyk



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň merdana halkymyza eçilen eşretlerine guwanyp, talapkär okyjylarymyzyň halaýan eserlerini döredýän ussat ýazyjylarymyzyň biri Agageldi Allanazarow bilen bilesigeliji okyjylarymyzyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýazyjynyň her bir eserini uly gyzyklanma bilen ürç edip okaýan, täze çapdan çykjak eserlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan kitap söýüji ýaşlar öz söýgüli ýazyjylary bilen täsirli söhbet etdiler. Sorag-jogap alyşdylar. Ýazyjynyň şygyrlarynda, poemadyr, ertekilerinde öňe sürülýän pikir, gahrymanlaryň gylyk-häsiýeti barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar esasynda ussat ýazyjy bilen okyjylaryň arasynda gyzykly gürrüňdeşlik boldy.

Agageldi Allanazarowyň ýazan kitaplary esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem okamagy söýýan ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda çagalara okamaga, öwrenmäge, kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.