“Asuda ýurdumyzyň ruhubelent nesilleri”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkeşleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Ýasmansalyk, Gypjak medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Asuda ýurdumyzyň ruhubelent nesilleri” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alyşyldy.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.