«Tomus, hezil döwrüm - şatlandyrýaň çaga göwnüm» atly edebi agşamlyk
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Tomus, hezil döwrüm - şatlandyrýaň çaga göwnüm» atly edebi agşamlyk geçirildi.
Bu çärede çagalar goşgulary labyzly okamakda bäsleşdiler. Soňra kitaphananyň hünärmenleri çagalara türkmen halk ertekileri barada ýagny, ýaş nesillerimize berýän ähmiýeti dogrusynda täsin maglumatlary aýdyp berdiler. Körpeler hem öz gezeginde bilýän ertekileri barada uly höwes bilen gürrüň berdiler we sowal-jogap alyşdylar.
Sowallaryň ählisine çagalar pikirlenip, dogry jogap bermäni başardylar. Hünärmenler dynç alyş merkezinde ertekilere bagyşlanyp kitap sergisini gurnadylar.
Çärämiziň soňunda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.