“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”


“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap "Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag” ady bilen döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip dür dänesi kimin, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda uly täsir edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen edebiýatyny, ylmyny ösdürmekde uly yz galdyran şahyrlarymyza, alymlarymyza uly sarpa goýulýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda sahna ussatlary, şahyrlar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, ol barada öz döreden goşgularyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, edebi döredijiligimizi giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.