DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER KITAPHANASY


DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER KITAPHANASY



Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy kitaphana hem-de habar beriş hyzmatyny amala aşyrýan döwlet edarasydyr. Kitaphana Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyna degişlidir.

Kitaphananyň edara ediş-dolandyryş we beýleki binalary Arkadag şäherinde gurlup, ol birbada 600 okyjyny kabul etmäge we 3 million neşir birligini saklamaga niýetlenen.

Kitaphana häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy, bu ýerde elektron katalog ulgamy hereket edýär. Kitaphanada obserwatoriýa bar, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligi döredilen.

Kitaphanada Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlarynyň zaly, Sungat zaly, Oba-hojalyk edebiýatlarynyň zaly, Çagalar üçin okalga zaly, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda bezelen Ýaşulular üçin okalga zaly bar.