“Arkadag şäheri-geljegiň şäheri”


“Arkadag şäheri-geljegiň şäheri”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede ýakynda birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen, sebitde “akylly” şähergurluşygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheri baradaky buýsançly gürrüňler öz beýanyny tapdy. Onuň çäginde guralan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplaryny öz içine alýan neşir önümleriniň sergisi çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Ýaş nesilleriň kalbynda Watana wepalylygy kemala getirmekde, ajaýyp döwrümize, bagtyýar durmuşymyza söýgi döretmekde biz kitaphanaçylaryň we medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde uly wezipeler bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda döwrümiziň şanyna şan goşýan şeýle işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza döredýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.