Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserinde öňe sürülýän gymmatly pikirler ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, raýatlaryň kalbynda gözel ýurdumyza söýgi döretmegiň ajaýyp nusgasydyr. Bu kitapda durmuşy özgertmegiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapýar. Ata Watanyň , il – günüň hyzmatynda bolmak, ak ýürek bilen zähmet çekmek, birek-birege goldaw- hemaýat bermek, ýagşylyk etmek, kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşululara hormat goýup, ýaş kiçileri sylamak ýaly edep kadalary kitabyň içinden eriş – argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy çuňňur many-mazmuna ýugrulan şeýle ajaýyp eserleri bilen begendirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirip , halkymyzy nurana geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.