Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserinde öňe sürülýän gymmatly pikirler ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, raýatlaryň kalbynda gözel ýurdumyza söýgi döretmegiň ajaýyp nusgasydyr. Çünki halkymyzyň Milli Lideriniň baý durmuş we zähmet tejribesi, manyly ömri biziň her birimiz üçin nusgalyk terbiýe mekdebi bolup durýanlygy, şeýle-de täze eserde durmuşy özgertmegiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir garaýyşlar öz beýanyny tapýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda beýik pelsepä, çuňňur many-mazmuna ýugrulan şeýle ajaýyp eserleri bilen begendirip durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.