Edep-başy salam


Edep-başy salam



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Edep-başy salam” atly söhbetdeşligini geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri “Salamdan başlanýar edebiň başy” diýýän halkymyzda çagalarda edep-ekramyň emele gelmeginde iň beýik görelde ulularyň hereketleridigi dogrusynda we özüňden uly ýa-da kiçi bilen salmalşmagyň kadalaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen şol ýerde dynç alýan çagalara giňişleýin gürrüň berdiler. Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara şeýle-de, Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan hem edep-terbiýe, ynsaplylyk, agzybirlik bilen baglanyşykly tymsallary giňişleýin aýdyp berdiler. Çagalar hem öz gezeginde salam bilen baglanyşykly ertekilerdir, goşgulary çeper aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza, hormatly Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.