Biz haýsy ertekileriň gahrymanlary?
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Biz haýsy ertekileriň gahrymanlary?” ady bilen sowal-jogap bäsleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň :“Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir” diýip belleýşi ýaly bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Watanymyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklaryna wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmeklerine, oňat dynç almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg- arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.