Arkadag şäheri - geljegiň şäheri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan körpe nesilleriň arasynda “Arkadag şäheri - geljegiň şäheri” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan , ýaşlaryň şäheri adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň açylmagy türkmen ýaşlarynyň buýsanjyny has-da artdyrandygyny, bu babatda hormatly Prezidentimiziň “Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär” diýen ajaýyp sözlerini nygtap geçýär. “Arkadag şäheri- geljegiň şäheri” atly kitabyň her bir bölüminde bu ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligi we döwrebaplylygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär. Kitabyň üç dilde neşir edilmegi bolsa dünýa halklarynyň hem bu kitaby okap bu şäher bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.