Türkmenistan – sportyň rowaçlanýan ýurdy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmenistan – sportyň rowaçlanýan ýurdy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzda ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli we kämil düşünjeli bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, terbiýeli bolup ýetişmegi, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri hem-de Diýarymyzyň gözel ýerlerinde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda her bir güni bagtyýarlyga beslenen ata Watanymyzyň waspyny, körpe nesillerimiz öz ýürek joşgunlaryny goşgularynyň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Sport dostluga, saglyga gözellige tarap ýoldur” atly kitabyň bölümlerinde okap berildi, bu hem bagtyýar körpelerimizde uly täsir galdyrdy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.