Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde “Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy gülletmekde, dünýä tanatmakda, agzybir halkymyzy, bagtyýar durmuşda ýaşatmakda eziz Diýarymyzda bilimleriň ojagy bolan kitaphanalary ösdürmekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, ýaşlarymyzyň, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylymly – bilimli, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri, olarda kitaba bolan höwesi, söýgini döretmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çagalara ertekileriň üsti bilen onuň gahrymanlarynda gören batyrlyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp keşplerini öwrenmäge we şolara meňzemek maksady bilen, oňat gylyk-häsiýetlerini kämilleşdirmäge çalyşmaklaryny ündediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.