Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi


Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderäniň «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Magtymguly Pyragynyň goşgulary — asylly terbiýäniň çeşmesi» ady bilen dabara geçirildi.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup durýar. Dabaranyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly ähmiýete eýedigi barada bellenilip geçildi. Bularyň ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini, däp-dessurlaryny ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmekde uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.