Magtymguly Pyragy şygyryýetiň çyragy


Magtymguly Pyragy şygyryýetiň çyragy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Magtymguly Pyragy şygyryýetiň çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň “Jemşidiň jamyna”, halkyň ruhy dünýäsine deňelmegi ýöne ýerden däldir. Şahyryň duýgudan, parasatdan ýugrumy ýeten goşgulary ynsan kalbyna tereňlik bagyşlaýan edebi çeşme bolup durýandygy, şeýle-de şahyryň döredijiligi halkyň ruhy dünýäsini, pederlerimiziň parasatyny, durmuş messebini özünde şöhlelendirýär. Magtymgulynyň şygyrýetindäki paýhas dürleri umumyadamzat parasatynyň genji-hazynasy, söz sungatynyň edebi gymmatlygy saýylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.