«Dünýä gözelligine soltan halylar»


«Dünýä gözelligine soltan halylar»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä gözelligine soltan halylar» atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň ezber elli çeper halyçylary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri, «Zenan kalby» žurnalynyň edebi işgärleri, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan syýasaty netijesinde türkmeniň gadymy senetleriniň biri bolan halyçylyk sungatynda alnyp barylýan uly işler barada, halyçylaryň häzirki wagtda dokaýan halylary barada gürrüň edildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri öz gysgajyk sahnalary bilen çykyş etdiler.
Dabaranyň çäklerinde «Nepislik sungaty-türkmen halysy», «Türkmen halysy kämilligiň nusgasy» atly giňişleýin kitap sergileri hem gurnaldy. Bu kitap sergilerinde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, türkmen halyçylyk sungatyna degişli neşirler ýerleşdirildi.