«Dünýä nusgalykdyr türkmen halysy»


«Dünýä nusgalykdyr türkmen halysy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda «Dünýä nusgalykdyr türkmen halysy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda haly sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilýänligi, milli halyçylyk sungatynyň taryhy türkmen halkynyň döremegi we kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy, türkmen halylarynyň nepisligi, dokalyş ussatlygy, çitimleriniň köplügi we many-mazmun çeperçiligi ony sungat derejesine ýetirilýänligi barada täsirli gürrüň berdiler. Baýramçylyk dabarasynda bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.