MÄHRIBAN ARKADAGYMYZYŇ NUSGALYK ESERLERI- BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY


MÄHRIBAN ARKADAGYMYZYŇ NUSGALYK ESERLERI- BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY



Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi we Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde öz okyjylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary barada «Mähriban Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri - beýik ösüşleriň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ol eserleri okan ýaşajyk okyjylarymyzda ata Watana, ene topraga bolan söýginiň döremeginde hem-de olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, dogruçyllyk, rehimdarlyk, adalatlylyk ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmeginde görelde mekdebidigi barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.