«Haly – türkmeniň kalbydyr»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda maý aýynyň 27-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly – türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Kitaphananyň hünärmenleri çagalary muzeýde ýerleşdirilen owadan nepis halylar, olaryň dokalyş aýratynlygy, türkmen halylaryny wasp edýän ajaýyp suratlar hem-de bu barada ýazylan kitaplar bilen ýakyndan tanyşdyrdylar. Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.