Bilimli nesiller - röwşen geljegimizdir
Her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Halkymyzyň asyrlar boýy ruhy baýlygyna öwrülen aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyň ertirleri dabaralandyrýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen 5-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Bilimli nesiller-röwşen geljegimizdir» ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Dabarada eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde bilim ojaklarynyň sanynyň ýyl-ýyldan yzygiderli artmagy ol ýerde terbiýelenýän ýaşlaryň bilimli bolmagyna uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.