Bagtyýar ýaşlar


Bagtyýar ýaşlar



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda 120-nji orta mekdepde «Bagtyýar ýaşlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime höwesli ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döwletimizde dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklarynyň birnäçesiniň açylyp ulanylmaga berilendigi barada belläp geçdiler. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde ylym-bilime aýratyn uly sarpa goýan halkymyz ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kämil ylymly-bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly ýaşlarda görýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.