Joşgunly köňülleriň kuwwaty Garaşsyzlyk


Joşgunly köňülleriň kuwwaty Garaşsyzlyk



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Joşgunly köňülleriň kuwwaty Garaşsyzlyk» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda eziz Watanymyz uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýändigini, şeýle-de altyn güýzüň ajaýyp günlerinde uly toý-dabara bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna bagtyýar halkymyzyň belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygy dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyz Diýarymyzyň abadanlygy, asmanymyzyň arassa, ýurdumyzyň parahatlygy, durmuşymyzyň rahatlygy, çagajyklarymyzyň gülki sesleri, mährem enelerimiziň hüwdi sesleri, aýdym-sazyň şirin mukamynyň belentlerde ýaňlanmagy bularyň ählisi Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleridigi barada aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.