Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy


Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyňGaradamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ynsanyň öz saglygyny goramakda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol–ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ýol hereketine gatnaşýan ulag serişdeleriniň, şonuň bilen bilelikde pyýadalaryň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri hemişe zerurlyk bolup durýar. Bu mesele barada ösüp gelýän ýaş nesle ýol hereketiň kadalaryny gündelik ýatladyp durmak her bir ata–eneleriň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň galyberse-de, biziň hemmämiziň borjumyz bolup durýanlygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.