Garaşsyzlyk bagtymyzyň röwşen geljegi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 141-nji orta mekdepde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň röwşen geljegi» ady bilen kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýandygy, şeýle-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri barada we halkymyzyň asyrlar boýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygy, asmanymyzyň asudalygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşidigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.