Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan


Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady aýdym-sazly döredijilik duşuşyk geçirildi.

Çärede çykyş edenler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysala ýeten gününiň 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygy, Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy, döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirip, dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.