Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy


Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde we ruhubelentlikde belleniljek mukaddes Garaşsyzlyk toýunyň 32 ýyllyk baýramy bilen gutladylar. Şeýle-de ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, milli medeniýetine, halkyň taryhy we medeni mirasyna hormat goýýan, döwrebap we dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy we başarnykly ýaş nesilleriň kemala gelmegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada bellediler we şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýaşlar bilen umumy okuw sapagynyň geçirilmegi ýatdan çykmajak taryhy waka bolandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.