Taryhy taryply Türkmenistanym
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Asyrlara uzaýandyr taryhyň, Garaşsyz Watanym Türkmenistanym» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp baýan içerki we daşarky syýasy 32 ýylyň içinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda ykdysadyýetde, senagatda, medeniýetde, sungatda we beýleki pudaklarda ýetilen belent sepgitler, dünýäni haýrana goýýan ösüşler barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň asyrlardan –asyrlara aşyp, dünýä ýaň salýan Watanymyzyň halkara derejesinde täze mertebä göterilýändigi, eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, ýaş nesilleriň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän taýsyz tagallalar barada belläp geçdiler.
Çärä gatnaşan döredijilik işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy, ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspyny öz goşgy setirleriň üsti bilen beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.