«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň, şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Okuwçylar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir gadyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.