Döwlet çagalar kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň okuwçylary bilen «Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphananyň hemişelik okyjylary, sungat söýüji ýaşlary ata Watanymyzyň, erkana durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspyny ýetirýän aýdymdyr, sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly aýdyp berdiler. Kitaphananyň hünärmenleri hem çagalara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşyga «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.