«Arzuwlary hasyl bolan şahyr» ady bilen göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi


«Arzuwlary hasyl bolan şahyr» ady bilen göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Arzuwlary hasyl bolan şahyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşup, öçmejek yz galdyran ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasynyň belentden tutulýandygy bellenilip, Gündogaryň beýik akyldary, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir döwrüň keşbini, halkyň durmuşyny, gylyk-häsiýetlerini görkezmän, eýsem, geljekki nesilleriň kalbyna, ruhy dünýäsine egsilmeýän täsir ediji güýç bolup hyzmat edýändigi, ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda örän uly täsir edýändigi barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeniýetiň we sungatyň Hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.