Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirildi
5-nji oktýabrda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurlary we daşary ýurt dilleri derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Ylham çeşmesiniň joşguny» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga ussat suratkeşiň gyzlary Läle we Maral Gylyjowalar hem gatnaşdy. Olar öz kakalary barada gyzykly ýatlamalary okuwçylara aýdyp berdiler. Duşuşygyň dowamynda ussat suratkeşiň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi.
Suratkeşiň ussatlyk bilen döreden «Tüýdükçiler», «Dutarçylar», «Garagum çölünde», «Gyrkymçylar», «Buluçlar», «Halyçylar», «Maşgala bagty» ýaly eserleri şeýle-de Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Bazar Amanow, Kaýum Taňrygulyýew, Mustaý Karim, Mirzo Tursunzade, Çingiz Aýtmatow, Ernst Hemingue, Nikolas Gilýen ýaly şahsyýetleriň, halypalaryň keşbini janlandyran ajaýyp suratlary barada täsirli gürrüňler edildi. Yzzat Gylyjowyň eserlerinde ulalan tilsimleri, reňk aýratynlygy, eserlerde öňe sürýän pikirleri baradaky gyzykly gürrüňler bilesigeliji okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.