«Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi


«Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi



Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly çykyşy ýerine ýetirildi.

Edebi-sazly çykyş tamamlanandan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowa «Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli Şahadatnamalary gowşuryldy.

Şahadatnamalar gowşurylandan soňra, dabara çykyşlar bilen dowam etdi. Ilkinji bolup, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, soňra Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kfedra müdiri Amannepes Şyhnepesow hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymow dagy çykyş etdi.

Dabarada çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň halkara ähmiýetli taryhy wakasy, 2023-nji ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň» ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmeginiň türkmeniň akyldar şahyryna goýulýan belent hormatdyr sarpanyň bütin dünýäde uludygyny belläp geçdiler. Bu şanly waka bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Mundan başga-da, çykyş edenler akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, onuň çeperçilik ähmiýetini, many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler açyk görkezmek ugrunda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly magtymgulyşynas alymlaryň yzygiderli ylmy işleri alyp barýandyklaryny bellediler hem-de ýurdumyzyň alymlarynyň döredijilikli işlemekleri üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine, Omar Igamowyň sazyna döredilen «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen» atly ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi. Bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini göterim, şatlygyny artdyrdy.