Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikler geçiriler
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde okyjylary bilen bilelikde «Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary» ady bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar «Güneş» žurnalyndan öz deň-duşlarynyň ýazan goşgularyny labyzly okamakda özara bäsleşdiler. Bäsleşige birinji, ikinji we üçünji synp okuwçylar gatnaşyp, öz zehin aýratynlyklaryny görkezdiler. Çagalaryň höwesini artdyrmak bilen olaryň arasyndan has başarjaňlar saýlanyp ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.